Içeri gir
Agza bol
SSL Sertifikadymy öz saýtymda nädip gurnap bilern?
Bilim esaslary
CSR kody nädip döretmeli?
SSL Sertifikaty almak üçin CSR (Certificate Signing Request) kodyny döretmek zerur şertdir.
SSL Sertifikat näme?
Secure Socket Layer (SSL) çylşyrymly görnüp biler, ýöne aslynda beýle däl. SSL Sertifikatynyň birnäçe görnüşi bar, haýsy görnüşini saýlasaňyzam, ol siziň saýtyňyz bilen ulanyjylaryňyzyň arasyndaky aragatnaşygy şifrleýär, şonuň üçin hem hiç kim maglumatlary diňläp ýa-da ogurlap bilmez. Şeýle hem, kanunalaýyk gelýändigine göz ýetirmek üçin web sahypaňyzyň şahsyýetini tassyklaýar.
TLS näme?
Transport Layer Security (TLS) SSL-iň täzelenen görnüşi.
Ulanyjylar meniň websaýtymyň goraglydygyny nädip bilerler?
Haçanda adamlar sahypaňyzyň domain adyny öz brauzerlerinde ýazanlarynda şifrlenendiginiň subutnamasy hökmünde gulpjagazyň şekili hem-de domain-iň öňünde 'https://' ýazgy durar
SSL kimlere gerek?
Google, SSL-ler tarapyndan şifrlenmedik web sahypalary "Howply" diýip görkezýändigi we goralýan saýtlardan has pesde goýýandygy sebäpli, her bir saýt eýesine biri gerekdir.